Türkmen sporty dünýä dolýar

18 Ýanwar 2021
1937

Halkymyzyň abadançylygy, durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli guralýar.

Milli Liderimiz bu ugurda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Diýarymyzda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň, abraýly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.