Netijeli işleriň beýany

15 Ýanwar 2021
1592

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bedew bady bilen ýagty geljegine sary ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hereket etmegi gönüden-göni ynsan hakynda edilýän aladanyň beýany bolup durýar.