Barlygyň bahasyz baýlygy

14 Ýanwar 2021
1774

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan ilatyň saglygy we milletiň geljegi hakyndaky alada hemişe ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Çünki ynsan saglygy diýlen düşünjäniň aňyrsynda dünýäniň ähli baýlygy, adamzat ösüşiniň düýp özeninde durýan hereketlendiriji güýç jemlenýär. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak adama sagdyn we güýçli bolmaga ýardam berýär.

«Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň bu esas goýujy ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilýän birnäçe kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň rejelenen görnüşini, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki hukuk namalaryny mysal getirmek bolar.

Guwanç IŞADOW,
Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.