Belent maksatlar, aýdyň menziller

13 Ýanwar 2021
1812

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler beýleki ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny hem gurşap aldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň içgin alada etmegi bilen, bu pudakda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine, netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe maksatnamalar, kararlar kabul edildi.

Olarda oba hojalygyny özgertmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini, möçberlerini artdyrmak ilatyň hal-ýagdaýlaryny gowulandyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde esasy wezipe edilip goýulýar.

Kakamyrat ÇÖRLIÝEW,
TOHI-niň talyby.