On alty ýuwlukly ata

13 Ýanwar 2021
1805

Iş telefonymyzyň batly jyňňyrdysy göýä, bir şatlykly wakany habar bermäge gyssanýan ýalydy. Aňyrdan eşidilen dogumly we şadyýan ses onuň şaýady boldy oturyberdi. Sözüni salamdan başlan ýaş ýigit türkmeniň gadymy edep-kadalaryna ygrarlydygyny subut etmek isleýän ýaly bolup, özüne gezek ýeterine garaşdy. «Aýdyberiň, näme hyzmat bolsa, sizi «Nesil» gazeti diňleýär» diýlenden soň, pikirlerini aýyl-saýyl beýan etmäge durdy. «Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ýakup Aýdogdyýew» diýip, ol özüni tanyşdyrdy. Bir sägindi-de, ýigit sözüni dowam etdirdi: «Gazetiňizde çap edilen «Ýüz çowlukly ene» atly makalany okap, juda begendim. Sebäbi biziň öýümizde-de şeýle uzak ýaşly, giň döwletli ynsanlaryň biri ýaşaýar. 103 ýaşly garry atam Aýdogdy Amadyýewiň 38 agtygy, 88 çowlugy, 16 ýuwlugy bar. Atam bagtyýar zamanamyzyň şu eşretli günlerinde gowulyk görmegi arzuw edýär» diýdi. Il-gün bir gowy zat, ýagşyny ýaýyp, ýagşylygy ýüzüňe sylmak neneň ajaýyp?! ― diýdik-de, «Niredesiň Marynyň Peşanaly geňeşligi?!» diýip işe girişdik. Şu pursatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly aladalary bilen ýurdumyzy ähli ulgamlar boýunça sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Görsene muny, salym geçmänkä bir asyry arka atan Aýdogdy aganyň nebereleri bilen düşen suratlary-da, külterlän ömür menzilleri baradaky maglumatlar-da, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp görkezen gahrymançylyklarynyň miwesi bolan orden-medallary hakyndaky arhiw resminamalary-da yzly-yzyna üstümize ýagyberdi. Bize diňe olary saýhallap, biri-biriniň yzyna sepleşdirip, taraşlap, köpçülige ýetiräýmek galdy.

ÝOLLAR, ÝYLLAR, YKBALLAR...

Ogulbeg JUMAÝEWA,
"Nesil".