Tebigaty goramak — mukaddes borç

12 Ýanwar 2021
2645

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistan halkara ylalaşyklaryna goşulýar. Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda «Biologik köpdürlülik hakyndaky», «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky» Konwensiýalaryny, «Suw-batgalyk ýerler hakyndaky» Ramsar konwensiýasyny, beýleki daşky gurşawa degişli ylalaşyklary tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär hem-de sebit we dünýä derejesindäki işleri amala aşyrýar.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, olaryň töwereklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag düzlüginde tokaý zolagy, Garagum sähramyzyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi. Bu edilýän işler ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň, tebigatynyň has gowulaşmagyna, sähra meýdanlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Bellemeli zatlaryň biri, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş şor suw akabasynyň Daşoguz goly biziň goraghanamyzyň meýdanlarynyň gapdalyndan geçýär. Bu bolsa Türkmen kölüne, onuň akabasyna golaý meýdanlarda ösümlikleriň has ösmegini, boý almagyny we köpelmegini, şonuň bilen birlikde, haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün edýär.

Arazmyrat AMANOW,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň ýolbaşçysy.