Ak alkyşlar mukam bolup ýaňlanýar

11 Ýanwar 2021
1961

Milli Liderimiziň ýaş nesliň heniz mekdep okuwçysyka belli bir hünäriň başyny tutmagy, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak bilen bagly bildirýän talaplary welaýatymyzyň Döwletli etrabynda hem netijeli durmuşa geçirilýär. Etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisinde jemi 24 bölüm hereket edip, olarda çagalaryň 260-a golaýy sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýar.

Etrap merkezindäki çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň 103-sine bilim berilýär. Bu mekdepde 10 bölüm hereket edip, onda çagalar dutar, gargy tüýdük ýaly milli saz gurallarymyz bilen birlikde klarnet, fleýta, plektrli dutar, fortepiano ýaly saz gurallaryny, şeýle-de sungatyň bagşyçylyk, nakgaşçylyk ýaly görnüşlerini özleşdirýärler. Sungat mekdebinde olara 20-den gowrak mugallym bilim berýär. Mugallymlaryň arasynda hemişelik şu mekdeplerde işleýänleri hem, başga mekdeplerden gelýän utgaşdyryjy mugallymlar hem bar. Bu ýerde tejribe ýüki ýetik halypalaryň hem, ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini ýakynda tamamlan ýaşlaryň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýeri gelende aýtsak, etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisiniň hem ýaş mugallymlary bu mekdepleriň ozalky uçurymlarydyr. Bu gün sungat ýoluna ilkinji gadam goýan mekdeplerinde işlemek, ýaş nesliň sungata bolan söýgüsini artdyrmak olar üçin belent mertebe.

Utkur KURBANOW,
Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.