Ynsan saglygyna melhem şypahana

11 Ýanwar 2021
1726

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen açylyp, ulanylmaga berlen şypahanamyzda-da raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda uly işler alnyp barylýar.

Jeýhunyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýän bu ajaýyp şypahananyň tebigy suwunyň bejeriş täsiri 1958-nji ýyldan bäri mälimdir. Ol şol ýerde geologiýa-barlag ekspedisiýasy tarapyndan gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýynyň ýatagy açylmagy sebäpli ýüze çykaryldy. Mineral suwuň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda 39 gradus bolup, onuň düzüminde 32-den gowrak elementiň bardygy anyklanyldy. Suwuň adam bedenine şypaly täsir edýändigi ylmy esasda tassyklanyldy.

Şageldi BURANOW,
«Farap» şypahanasynyň baş lukmany.