Buýsanjymyzyň çägi ýok

8 Ýanwar 2021
1765

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda her bir ýylymyz şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň makullamagy esasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Ol biziň ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýylda hem ähli ulgamlarda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetiler.

Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagyna buýsanjymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Biz — mugallymlara işlemäge, şeýle abadan durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!