Älemi ýyladýar ene ýüregi

20 sagat öň
25

Dünýäniň görki hasaplanýan ene Beýik Allatagalanyň ýaradan iň mukaddes ynsanydyr. Ol adamzat durmuşynyň diňe bir bezegi bolman, eýsem, ony döredijidir, dowam etdirijidir. Ynsan üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn adam ýokdur. Ene üçin perzent näçe ýaşandygyna garamazdan, hemişe mährem bala bolup galýandyr.

Enäniň söýgüsi başga bir zat bilen deňeşdirip bolmajak duýgy bolup, ony ýönekeý sözler bilen düşündiribem bolmaýar. Ol söýgi çaga heniz dünýä inmänkä başlanýar. Çagany hiç kim ejesiniň söýşi ýaly söýüp bilmez. Perzendini dokuz aý göwresinde göterip, ýagty jahana inderen, sansyz ukusyz gijelerde hüwdüläp daňyny atyran, ak süýt berip, il hataryna goşan beýik ynsana — enä näçe hormat-sarpa goýsak, şonça-da azdyr.

Jemal ÖDEGURBANOWA.