Çekeleşikli geçen ýaryş

22 sagat öň
43

Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Küşt boýunça ökde okuwçy oglan-gyzlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Okuwçy ýaşlara akyl-paýhas oýny boýunça başarnygyny görkezmek üçin sport mekdebinde ähli şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa ýaryşyň guramaçylykly geçmegine oňyn täsirini ýetirdi. Ýaryşyň netijesinde etrapdaky 19-njy orta mekdebiň okuwçylary toparlaýyn birinji, 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 42-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orny eýelediler. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Tylla MEÝDANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.