«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Türkmen halkynyň asylly ýörelgesinde parahatçylyk taglymaty aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň baky Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar. Halkymyzyň myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda öz beýanyny tapýar.