«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
«Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.» Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu gymmatly jümlelerden hem görnüşi ýaly, sagdynlyk düşünjesi öz içine örän köp zady alýar. Bu hakynda oýlanmak, bilmek her bir adama, aýratyn-da ýaş nesle örän wajypdyr.