Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ylmy-önümçilik ulgamynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjy boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda tohumçylyk-seçgi işini has-da kämilleşdirmek, oňa häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylan işler oňyn netijesini berdi. Institutyň Ahal welaýat bölüminde şu ýyl gowaçanyň täze orta süýümli «Ahal-6» sorty döredilip, önümçilige ornaşdyryldy.
Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, seçgiçi alym Gurban Nowruzowyň yzygiderli alyp baran ylmy-seçgiçilik işiniň netijesinde döredilen bu görnüş hasyllylygy, ýokary süýüm çykymlylygy hem-de zyýanly mör-möjeklere, has takygy, gowaçanyň hasyl synalaryna zyýan ýetirýän meýdan ýasmygyna garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, gowaçanyň täze sortunyň ykdysady taýdan bähbitlilik derejesini ýokarlandyrýar.