Türgenlerimiziň üstünlikleri surat eserlerinde

20 Dekabr 2024
54

Ähli ulgamlarda okgunly ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleriniň sungatyň dürli ugurlary boýunça döredilýän eserlerde giňden beýanyny tapmagy bu ulgamyň wekilleriniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gazanylýan beýik üstünliklere çäksiz buýsanjynyň nyşanydyr. Bu hakykat türkmen sportunyň ýeten belent derejesi, türgenlerimiziň ajaýyp üstünlikleri, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ähmiýetli çäreler hakynda aýdylanda hem şeýledir.

Milli sportuň galkynyşynyň nakgaşçylyk sungatynyň eserlerinde hem kämil derejede beýan edilmegi bolsa olaryň taryhyň sahypalarynda mynasyp ornuny tapmagynda uly orny eýeleýär. Çünki şeýle eserler uzak ýyllaryň dowamynda aýawly saklanyp, taryhyň ähmiýetli wakalaryny şol döwrüň gaýtalanmajak öwüşgini bilen geljek nesillere ýetirýär.

Berdimyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.