Joşgunly dabaranyň ruhubelentligi

20 Dekabr 2024
130

Täze, 2025-nji ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, Sarahs şäheriniň merkezi seýilgähindäki Täze ýyl arçasynda dabara geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara aýratyn ruhubelent joşguny bilen alamatlandy. Oňa dürli pudaklarda, edara-kärhanalarda işleýän öňdebaryjy zähmetkeşler, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Medeniýet-sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary dabara baý many goşdy. Turuwbaşdan şatlyk-şagalaňa beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri, bagtyýar halkymyz joşgunly wasp edildi.

Gülbahar IŞANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.