Paýhasdan susulan ylhamlar

19 Dekabr 2024
91

Sungat adamsy öz duýgularyny sazyň, reňkleriň, sözlerden düzülen mozaikanyň dilinde beýan edýär. Olaryň hersiniň biri-biriniňkä meňzemeýän «heňi» bardyr. Suratkeşlerdäki dürli-dürlülikler hakda-da şony aýtsa bolar. Geçen asyryň ortalaryndan bäri türkmen suratkeşleri Magtymguly Pyragynyň dünýäsini öz kalbyndan geçirip beýan edip gelýärler.

Akyldar şahyra bagyşlap eser döreden ussatlaryň ilkinjileriniň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewdir. 1943, 1946, 1947-nji ýyllarda şahyryň portretini dürlüçe görnüşde şekillendiren suratkeşiň «Magtymguly zergär» (1959), «Boýun egmezek» (1960), «Magtymguly-Meňli», «Bir maşgalada» (1983) ýaly eserleri-de özboluşly ýordumy bilen ýatda galýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuraly hem akyldaryň keşbine ýüzlenip, 1960, 1964-nji ýyllarda «Magtymguly» atly ajaýyp nakgaş eserlerini döredipdir. Pyraga bagyşlan ilkinji uly göwrümli, çylşyrymly işleriň birini Ç.Amangeldiýew 1959-njy ýylda «Magtymguly atasy Azada öz goşgusyny okaýar» ady bilen döredipdir. Bu eseri synlanyňda, geçmişe aralaşan ýaly bolýarsyň.

Şatlyk SAPAROW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.