8,2 milliard amerikan dollaryna satyn alar

15 Dekabr 2024
26

Ýaponiýanyň «Nippon Life Insurance» kompaniýasy ABŞ-nyň «Resolution Life Group» ätiýaçlandyryş kompaniýasyny 8,2 milliard amerikan dollaryna satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «Nikkei» gazeti habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Nippon Life» häzirki wagtda «Resolution Life» kompaniýasynyň 23 göteriminiň eýesidir.

Maglumat üçin, «Nippon Life» şu ýylyň maýynda «Corebridge Financial» kompaniýasynyň 20 göterim paýyny 3,8 milliard amerikan dollary bahadan satyn alypdy.

Taýýarlan: Baýmyrat HOJADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.