Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynyň kiçi zalynda Aşgabat şäher häkimliginiň we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Agzybirligiň, şatlyk-şowhunyň, berekediň baýramy bolan Täze ýyl hemmeleriň, aýratyn-da, çagajyklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylykda adamlar birek-birege sowgat berip, şirinden-şirin arzuw edýärler. Bu baýramçylyk halkymyzy bir suprada jemleýär, il agzybirligini, dostlukly gatnaşyklary berkidýär. Adamlaryň köňüllerine mähir we tükeniksiz şatlyk bagyş edýän Täze ýyl baýramçylygy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär.