Beýik işler bilen galkynan Watan

18 Dekabr 2024
127

Gün nurunyň äleme şugla salşy deýin, halkymyzyň alnyndan dogan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň äleme ýaýylýan döwri boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär. Her bir gelýän günler, gadam basýan ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat, abraý-mertebe getirýär.

Tamamlanyp barýan ýylyň taryhy wakalaryna ser salanyňda, bu hakykata magat göz ýetirýärsiň. Edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçilen 2024-nji ýyl hem ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende galdyran şanly ýyllaryň biri boldy. Söze sarpa goýup bilýän ýürekleriň teşneligini gandyran bu ýylda Ýer ýüzünde şygyrlary mukaddeslige deňelýän Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýy toýlandy, goşgy okaldy, aýdym aýdyldy. Ynsan ömri hemişe ajaýyplyklara teşne. Şol teşneligi söz bilen gandyryp bilýän şygyr sungatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn uly ähmiýet berildi. Munuň esasy sebäbi hem ýylymyzyň şygarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden ajaýyp goşgusyndan gözbaş almagydyr.

«Daşoguz habarlary».