Bagtyýar durmuşyň binýady

18 Dekabr 2024
88

Mähriban halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Ynsan saglygyny goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Şol esasdan, ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin tutumly işlere badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar» diýen sözleri muny doly tassyklaýar.

Saglyk — bagtyýar durmuşyň sakasy. Şonuň üçinem täze taryhy döwürde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda ulgamy ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu maksatnamalarda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak, innowasion tehnologiýalara, lukmançylyk ylmyna esaslanýan kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de ulgamy dünýä lukmançylygynda gazanylan tejribelere laýyk ösdürmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenilýär. 

Amantagan GURBANBERDIÝEWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.