Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik babatynda ähli maksatlaryma ýetdimmikäm öýdýärdüm welin, ýylyň başynda başlap, soňa galan bir makalam hakydama geldi-de, ähli işimden elim sowady. Ol şahyr Italmaz Hudaýberdiýewi ýatlap, ýazyp başlan makalamdy. Şondan soňra bergidarlyk duýgusy bilen, şol başlan makalama nokat goýmagy maksat edindim.
2014-nji ýylyň maý aýydy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň işgäri jaň edip, «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolandygymy aýdyp, ertesi gün bäsleşigiň jeminiň jemlenjek ýerini we barmaly wagtyny aýdyp hoşlaşdy.