Okuwçy ýaşlarda gyzyklanma döretdi

18 Dekabr 2024
133

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň kitaphanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan çärä ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Mekdep kitaphanalarynyň kitaphanaçylarydyr bilim işgärleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi mynasybetli ýaşlary gutladylar hem-de ajaýyp eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Täsirli gürrüňler çärä gatnaşanlar uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar “Hakyda göwheri” atly kitabyny sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.