Türkmeniň döwletliliginiň ykrary

17 Dekabr 2024
153

Halkymyzyň goşa ganaty Garaşsyzlygymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzdyr. Bu beýik mukaddeslikler il-günümiziň agzybirliginiň, nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda bu barada: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk her bir türkmenistanly üçin deň derejeli mukaddesliklerdir» diýip belleýär. Biziň üçin beýik hem gymmatly bolan bu düşünjeler bölünmezdir we bitewüdir.

Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ynsanperwer ýörelgeleri bu gün döwletli Diýarymyzyň baş şygaryna öwrülip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny öňküden-de belentliklere ýetirýär.

Arslan AÝMYRADOW,
Adalatçynyň diwanynyň Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň baş maslahatçysy.