Täze ýyl – agzybirligiň, bagtyýarlygyň baýramy

17 Dekabr 2024
106

Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly umytlara, owadan arzuwlara besleýän maşgala baýramçylygydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamaga batly depginlerde taýýarlyk görülýär. Biri-birinden owadan arçalar, meýdançalardyr seýilgähleri bezeýän dürli öwüşginli çyrajyklar eziz Diýarymyzyň gözelligine has-da gözellik goşýar.

15-nji dekabrda merjen paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Arkadag şäheriniň Baş arçalary şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň belent owazlaryň astynda we çagalaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli öwüşginli çyralaryny ýakyp, töwerege ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Senem SAHATOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.