Eti saklamagyň halky usullary

17 Dekabr 2024
99

Ata-babalarymyz ýerli howa şertlerimizde azyk önümlerini konserwirlemegiň önümleriň hilini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýän özboluşly usullaryny oýlap tapypdyrlar we durmuşda giňden ulanypdyrlar. Gawundan taýýarlanýan sök we kak, garpyzdan taýýarlanýan toşap, şeýle hem semeni, künjüli gowurga munuň mysalydyr. Ýaza golaý taýýarlanan önümler azalanda semeni taýýarlanyp, olaryň ýetmezi ýetirilipdir. Eti gaýtadan işlemegiň hem özboluşly usullary oýlanyp tapylypdyr. Täze eti saklamak üçin gowurmak, kakatmak ýa-da garna dykyp saklamak usullaryndan peýdalanylypdyr.

Eti gowurmak konserwirlemegiň esasy usullarynyň biridir. Et gowrulanda ondan suw doly aýrylýar. Eger, et çalarak gowrulsa we suwy doly bugaryp aýrylmasa, ol belli bir wagtdan soň zaýalanýar. Gowurma semizligi ýokary we orta semizlikdäki goýun, sygyr hem-de düýe etinden taýýarlanylýar. Ýagy kemter ýa-da hor mallaryň eti gowrulanda, oňa goşmaça içýagdyr guýruk ýagy garylmasa, ýagy azrak bolup, gowrulmaýar we olardan taýýarlanan gowurdagy uzak saklap bolmaýar. Gowurma taýýarlanylanda, suwy doly aýrylyp, gatap bişen etiň özem esli wagt zaýalanman durýar. Çünki ýaga gowrulan ýagly gowurma uzak saklanyp, tagamy diýseň gowy, hümmeti ýokary bolýar.

Suraý RAHMANBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.