Täsin tomaşa

14 Dekabr 2024
182

Täze ýyl arçasyny bezemegiň öz gyzygy, lezzeti bar. Täze ýylyň golaýlamagyna sanlyja günler galanda, jigilerim bilen üýşüp, arça bezemegiň ugruna çykdyk. Bu dabaraly, şatlyk-şowhunly arça bezelişiň şowhuny käteler bir-iki güne ýetäýýär. Neneň şeýle bolmasyn?! Boýumyzdan sähelçe uzyn arçany goýmak üçin, ilki bilen-ä, öýüň iň amatly, gözegelüwli ýeri saýlanyp alynýar. Ondan soňra dürli bezegli jäjekler, oýunjaklar, zerler saýlanyp, arçanyň daşyna üýşülýär. Bu ýagdaý öýüň körpejelerinden başlap, uly ýaşlylaryny hem özüne çekýär. Kim haýsy jäjegiň nireden, nädip dakylmalydygyny salgy berse, kimler bolsa arçanyň daşyndan pyr-pyr aýlanyp, onuň bezeglerini, jäjeklerini dakyp ýörendir. Olaryň arasynda bu tomaşany hezil edip synlap oturanlar hem bardyr. Arça bezelişiň iň gyzykly ýeri — arçanyň depesine öwşün atyp duran sekizburç ýyldyzyň dakylmagydyr. Yşyklandyryjy çyralar dakylansoň-a, esli wagtlap arçanyň gözelligine haýran galyp oturarsyň hem-de begenjiňi daş-töweregiňdäki jigi-doganlaryň bilen paýlaşarsyň:

— Arça, gör, nähili owadanja bolaýdy.

Nurana BATYROWA,
Görogly etrabynyň Sapardurdy Kakabaýew adyndaky 40-njy orta mekdebiniň okuwçysy.