Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine doly jogap berýän gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli ugurlarynyň biri bolup durýar. 2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklygyndaky Garaşsyz Döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomejlisi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.
Çärýek asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda GDA-da syýasy-diplomatik iş, howpsuzlyk meseleleri, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Türkmenistanyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmegi Arkalaşyga girýän ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki işiň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi.