Arassaçylyk — saglyk

6 Ýanwar 2021
1825

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi günsaýyn ýokarlanýar. Şunda döwrebap saglyk öýlerinde zähmet çekýän maşgala lukmanlary edara-kärhanalarda we bilim ojaklarynda, ýaşaýjylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklygyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekligiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda uly ähmiýetiniň bardygyny düşündirýärler. Aýratyn hem, gyş möwsüminde howanyň çendenaşa sowaýan mahalynda käbir kadalary hökmany suratda berjaý etmek örän zerurdyr. Ilkinji nobatda, bu talaplary gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar, kiçi ýaşly çagalar hökmany ýerine ýetirmelidir. Şonuň üçinem howanyň aşa sowaýan mahalynda daşary çykmaklyk zerurlygy ýüze çykanda möwsüme görä geýinmegi, ýagny, galyň, ýyly eşikleri, aýakgaplary, başgaplary geýmegi, arassa agyz suwuny ýany bilen almagy ýatdan çykarmaly däldir. Gezelenje çykanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmalydyr. Soňky günlerde howanyň düzümine seljerme geçirilende tozanjyklaryň howada kadadan agdyklyk edýändigi anyklanyldy. Şoňa görä-de, keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmaklyk zerurdyr. Esasan, uly ýaşly adamlaryň özleri arassaçylyk kadalaryny berjaý edip çagalaryna we kiçi ýaşlylara görelde bolmaly. Öý bikeleri öýüň arassaçylygyna esewan edip, çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly, penjireleri açyp, otaglaryň içini ýelejiretmeli, howasyny çalşandan soň, öýüň içine düşen tozanlary çygly desmal bilen süpürmeli, ýorgan düşekleri arassa saklamaly. Nahar etmezden, nahary saçaga äbermezden öň elmydama elleriňizi sabynlap birnäçe gezek gaýtalap ýuwmagy endik etmeli. Üst-başyňy, eşigiňi arassa saklamaly. Aýakgaplary saýlanyňda aýagyňa laýyk gelýän, ýyly, çyg geçirmeýän, ýöräňde özüňe rahat, aşagy typmaýan bolmaly. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyp, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.

Günüň dowamynda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary wagtly-wagtynda kabul etmegi ýatdan çykarmaly däl. Iýmitde gök önümler, miweler agdyklyk etmeli. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň akar suwda birnäçe gezek ýuwmaly. Günortanlyk we agşamlyk naharlarda däneli we kösükli iýmit önümlerden gaýnadylyp ýa-da buglanyp bişirilen gyzgyn naharlary iýmeklige çalyşmaly. Günüň dowamynda 2 litre golaý arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmeli. Mekdebe gatnaýan çagalaryň ýanynda arassa agyz suwunyň ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwuň bolmagyna ene-atalar gözegçilik etmeli. Kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Irdenki maşklary ýerine ýetirmeklik çaganyň ukudan hem-de işdäsiniň açylmagyna, günüň dowamynda şähdaçyk, işjeň bolmagyna, sapaklaryny ünsli bolup, gowy özleşdirmegine uly ýardam edýär. Eger-de çaga okuwdan soň ýörite sport gurnaklaryna gatnamaýan bolsa her hili oýunlary oýnamak bilen (ýüpde towusmak, halkalarda dürli maşklary ýerine ýetirmek, howluda woleýbol, futbol oýnamak, nahardan soň gezelenç etmek, tigir sürmek) okuwdan soňky boş wagtyny gyzykly geçirmäge döredilen şertlerden peýdalanmaly.

Aýsona ALLABERGENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.