Er-Ri­ýad sam­mi­ti: köp­ta­rap­la­ýyn dia­lo­ga yg­rar­ly­lyk

12 Dekabr 2024
97

Şu ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Er-Ri­ýad şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (COP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan aras­sa agyz su­wu­na el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mek ba­bat­da ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­ga, suw me­se­le­le­ri­niň oňyn çöz­güt­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gö­nük­di­ril­di. Oňa gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow dost­luk­ly ýurt­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy.

Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ra eýe­rip, sa­pa­ry­nyň il­kin­ji pur­sat­la­ry­ny Mek­ge şä­he­ri­ne ba­ryp, mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­mek­den baş­la­dy. Mu­nuň özi asyl­ly iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ýö­rel­ge edi­nen hal­ky­my­zyň däp­le­ri­niň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Mek­ge şä­he­rin­den sam­mi­tiň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.