Arada Kerki etrabynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň birine gatnaşmaklyk miýesser etdi. Onuň dowamynda ussat aýdymçylaryň, tans toparlarynyň çykyşlary bilen birlikde çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren milli tanslary hem baýramçylyga ýygnananlaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Çagalaryň göçgünli çykyşlarynyň täsirinden esli wagtlap çykyp bilmedik. Soňra dessine bu toparyň döreýşi, taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp başladyk. Habar berişleri ýaly, etrapda hereket edýän kiçi we uly ýaşly çagalardan düzülen «Ýyldyz» tans toparyna indi esli wagtdan bäri Irina Şuwalowa ýolbaşçylyk edýär eken.
Irina Şuwalowa Kerki etrabyndaky 1-nji çagalar sungat mekdebinde fortepiano mugallymy bolup işleýär. Ol türkmen milli sungatynyň, esasan-da, milli tanslarymyzyň muşdagy. Irina mugallym esasy işiniň daşyndan Kerki etrap medeniýet öýüniň, öz işleýän sungat mekdebiniň tansa höwesli zehinli çagalaryny jemläp, olara milli tanslarymyzyň inçe syrlaryny öwredýär.