Baky bagtymyzyň badalgasy

11 Dekabr 2024
130

Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr. Bu jümle biziň göwnümize ganat, ömrümize zynat berýär. Çünki hemişelik Bitaraplyk — biziň baky bagtymyzyň badalgasydyr.

Türkmen Bitaraplygy diýlende, kim «Ser bereris, ýer bermeris!» diýen Oguz han Türkmeniň agzybirlik hakyndaky sargytlaryny hakydasyna getirse, kimsi Gorkut ata Türkmeniň boýlaryny ýadyna salýar. Kimsi merdana Görogly beg Türkmeniň keşbini göz öňüne getirse, kimsi Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny tekrarlaýar. Kimsi gökde ganatlaryny giňden ýaýan kepderi hakynda pikirlense, kimsi dutary gylyçdan has güýçli saýan Şükür bagşynyň dutarynyň mahmal owazy hakynda oýlanýar. Garasaý, dünýäde näçe sany ynsan bar bolsa, şonça-da dünýägaraýyş bar. Men hemişelik Bitaraplygymyz dogrusynda pikirlenip, golaýda geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriniň birini ýadyma saldym.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Bilimi dolandyrmak magistratura maksatnamasynyň magistranty, «Esger».