Baky Bitaraplygymyzyň buýsançly waspy

12 Dekabr 2024
148

Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesiniň dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk gününiň dabarasy Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilmegi we ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bu ýere ýygnananlary parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, asudalygy dabaralandyrýan ajaýyp baýram bilen gutlaýan buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bitaraplyk ýörelgesine berk eýermek bilen, parahatçylygy, durnukly ösüşi, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda uly tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda durnukly energetika we ulag ulgamy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär.

Akbäbek Satlykowa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».