Dünýäde dabaralanýan ýörelge

11 Dekabr 2024
124

Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly maksatlary rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň dünýäde asudalygy, parahatçylygy, dostlugy we goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr.

Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, halkymyzyň beýik gymmatlygyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygynyň asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan, milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bitaraplyk Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Ähli ugurda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýy, beýik ösüşleri munuň aýdyň mysalydyr.

Şadurdy GOWŞAKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.