Parahatçylyk söýüjilik taglymaty

11 Dekabr 2024
126

Ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we ähmiýeti, halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ýokary baha mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi türkmen döwletiniň bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege ynanyşmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly alyp barýan işleri tutuş adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Şonuň üçinem dünýä ähmiýetli bu işler giňden dabaralanýar.

Ogulsoltan TÄLIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.