Türk­me­nis­tan-BMG: tä­ze ka­rar­na­ma­lar we tä­ze se­bit mer­kez­le­ri

11 Dekabr 2024
130

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si has-da be­len­de gal­ýar. Dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şul­ýan hem-de özü­niň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýän ýur­du­myz bü­tin dün­ýä­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge my­na­syp go­şant go­şup, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ne do­ly gü­wä geç­ýär.

1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da türk­men hal­ky ýe­ne-de bir hoş ha­ba­ra şa­ýat bol­dy, ýag­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ikin­ji ge­zek ka­bul et­di. 2017-nji