In­ter­net ru­hy sag­ly­ga peý­da­ly

11 Dekabr 2024
118

Gon­kong uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry in­ter­ne­tiň ýa­şy du­rug­şan adam­la­ryň ru­hy taý­dan sag­ly­gy­na ed­ýän tä­si­ri­ni öw­ren­di­ler. Olar mu­nuň üçin dür­li ýurt­lar­da ýa­şa­ýan 87 müň 559 ada­myň sag­lyk ýag­daý­la­ry­ny sel­jer­di­ler. Ne­ti­je­de, glo­bal to­ry ulan­ýan gar­ry­la­ryň göw­nü­çök­gün­li­ge du­çar bol­mak äh­ti­mal­ly­gy­nyň az­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu bar­lag «Na­tu­re Hu­man Be­havior» (NHB) yl­my žur­na­lyn­da çap edil­di.

Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da in­ter­ne­ti ulan­ýan gar­ry­lar öz­le­rin­de göw­nü­çök­gün­lik ala­mat­la­ry­nyň az­dy­gy, ulan­ma­ýan­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, öz­le­ri­ni has oňat duý­ýan­dyk­la­ry ba­ra­da ha­bar be­rip­dir­ler. Al­ty ýyl do­wam eden bar­lag­lar­da in­ter­net ulan­ma­gyň gar­ry­la­ryň göw­nü­çök­gün­li­gi­ni azald­ýan­dy­gy, öz­le­ri­ni duý­şu­ny go­wu­lan­dyr­ýan­dy­gy, ola­ryň dur­muş­dan ka­na­gat­lan­ma tap­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.