Döwrebap bina — ilatyň hyzmatynda

10 Dekabr 2024
138

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy Balkan welaýatynda hem toý dabaralaryna beslenip bellenilýär. Düýn Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan, täze üç gatly edara binasynyň ulanyşa girizilmegi hem bu dabaralaryň üstüni ýetirdi.

Döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän täze binanyň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Oňa Balkan welaýat, Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň mähriban Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.