«ITTC 2024»: hyzmatdaşlygyň netijeli çözgüdi

1 Dekabr 2024
137

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi.

Halkara forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Indi üçünji gezek geçirilýän bu halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», «Cargo Lux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar.

Sahypany taýýarlan: Süleýmangeldi ATAGELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy.