Baş maksat — saglygy dikeltmek

7 Dekabr 2024
138

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy guwandyryjy sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen, döwrebap saglyk öýleriniň, köpugurly hassahanalaryň, täze sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Ýetilen belent sepgitler netijesinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri barha köpelýär, hili ýokarlandyrylýar.

Ak mermerli paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi dürli kesellerden soňra näsaglaryň saglygyny dikeltmäge niýetlenendir. Bu merkezde halkymyz öz saglyklaryny berkitmekde döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Uly ýaşly adamlar, çagalar ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden, operasiýalardan soň saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde dowamly kesellerden, operasiýalardan soň dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny ýatymlaýyn ýa-da gatnaw şertlerinde dikeltmek we berkitmek işlerini alyp barmak üçin lukmançylygyň iň döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga ähli şertler bar.

«Saglyk».