Çar tarapdan, çyn ýürekden

5 Ýanwar 2021
2175

Ahmet HALMYRADOW,
«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:

— Arkadagly döwrümiziň her bir ýyly durmuşymyzy şatlyga we bagta besleýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanan ýyly hem ykballary gülleden ajaýyp wakalara örän baý boldy. Gurlup, ulanylmaga berlen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirmek bilen, her birimizi has-da netijeli, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.