Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:

5 Dekabr 2024
198

— Ajaýyp «Oguznama» eserinde Ogzuň ogullaryna at dakmakdaky eýeren ynamy «Asman-Zemin» bitewüligi dogrusyndaky pikiriň haýran galdyryjy jemlenmesidir. Şu taglymatyň içinde sansyz köp pikirler ýaşaýarlar. Iň nygtalmaly ýerem, şol pikirleriň, netije aýdyňlygynyň adamzada derwaýys bolup durýanlygydyr.

Özüňden beýgelip, il bolunýar, iliňden beýgelip, halk bolunýar, halkyňdan beýgelip, dünýä bolunýar. Şu ýerde hyýalyma «Bir öýüň yşygy beýleki öýe düşmez» diýilýäni hem gelýär. «Yşygyňy» goňşy-golamyň, içiň-daşyň bilen deň düşer ýaly etmek üçin «yşyk» bir öýe niýetlenilip ýakylmaýar. «Yşyk» nur çaýyp, şamçyrag gymmatbaha daşy ýaly, ähli ýere ýagtylyk berýär.