Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

4 Dekabr 2024
224

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ajaýyp wakalara, ösüş-özgertmelere şaýat bolýar, her bir toý-baýramy agzybirlikde giňden belläp geçýär. Ýene sanlyja günden eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy dabaralary uludan dabaralandyrylar.

Bitaraplyk baýramy — naýbaşy seneleriň biri. Ählimize mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Agzalan resminamanyň kabul edilmegi tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem örän ähmiýetli we taryhy waka boldy. 2015-nji ýylda hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen gaýtadan ykrar edildi. Munuň özi taryhy waka öwrülip, halkymyzda hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýyna buýsanjyny goşalandyrdy.

Süleýman NURYÝEW,
Sarahs etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.