Doganlar Elza bilen Annanyň başdan geçirmeleri baradaky «Doňýürek» atly multfilme diňe çagalar däl, eýsem uly ýaşlylar hem uly höwes bilen tomaşa edýärler. Gans Hristian Anderseniň «Gar şazenany» atly eseri boýunça döredilen bu multfilmi surata düşürmegi Uolt Disneý 1937-nji ýyldan bäri höwes edipdir. Ýöne ol döwürler gary, doňaklygy, howada galgaýan kümüşsöw gar tozgalaryny hem-de multfilmiň gahrymanlaryny doly derejede görkezip bilmejekdikleri üçin soňa goýupdyrlar.
Ssenaristleriň başky meýilnamasyna görä, Elza bilen Anna eserdäki bolşy ýaly, dogan bolmandyr. Ýagny Elza jadygöý Gar şazenany, Anna bolsa oňa ýaralanan ýüregini doňdurmaga barýan gyz hökmünde çykyş etmeli eken. Multfilmiň mazmuny ýörite onuň üçin «Goýber we unut» atly aýdymyň döremegi bilen üýtgedilýär we Elza kalby ýaraly, ykbaly agyr gyza öwrülýär. Köpleriň göwnüne ýaran bu aýdym soňlugy bilen 41 dile terjime edilip, meşhur aýdyma öwrülipdir.