Saglyga beslen, ak gyşym!

3 Dekabr 2024
145

Gyş — täzelenişe, täze arzuwdyr maksatlara badalga berýän pasyl. Ene topraga güýç, daýhan göwnüne daýanç berýän pasyl. Şeýle hem bolsa, gyşyna ätiýaçlyrak bolunmaly, birnäçe düzgünleri kadaly berjaý etmeli. Ata-babalarymyzyň: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýşi ýaly, gyş paslynda howa dowamly üýtgeýär. Günortan gün çykyp duran bolsa-da, agşam gar ýa ýagyş ýagyp bilýär. Beýleki pasyllardan tapawutlylykda, gyşyna ýagyş, gar, buz, burjy, ümür ýaly, birnäçe ygal görnüşleri ýagýar. Howa bilen bagly tebigy hadysalar hem köp bolýar. Şeýle bolansoň, bu paslyň bizi haçan, haýsy pursatda, howanyň nähili tötänligi bilen ýüzbe-ýüz etjegini bilmek çetin. Şonuň üçin işe, okuwa ýa-da beýleki zerurlyklar bilen öýden çykylanda, sowuk we ygally howadan goraýjy egin-eşikleri geýmegi ünsden düşürmeli däl. Şeýle hem, bu döwürde bedeniň kesele garşy göreş ukybyny kadaly saklamak üçin zerur bolan beýleki düzgünleri hem dogry we doly berjaý etmeli.

Howanyň oňaýly ýa-da oňaýsyzdygyna garamazdan, yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, arassa howada gezim etmegi, her naharda witaminlere baý önümleri, miwedir gök önümleri iýip-içmegi, otaglary ýelejiretmegi hem-de wagtal-wagtal içeriniň howasyny zyýansyzlandyrmak üçin üzärlik tütetmegi, itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary we burçluja öý unaşyny maşgala bolup iýip-içmegi maslahat berýäris. Bu çäreler berjaý edilen ýagdaýynda, her bir adam gyş paslyna mahsus bolan möwsümleýin kesellerden goranyp biler.

Ogulsuraý BAGŞYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.