27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirilip, ol Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri wekilçilik etdiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini we ornuny ykrar edýändigini nobatdaky gezek tassyklady.