Ýaraşykly ak öýler

4 Ýanwar 2021
2244

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nesilbaşymyz Oguz han döwründe halkymyzyň durmuşyna ornaşan öý-ojak baradaky garaýyşlar barada çuň mazmunly söhbet açyp: «Çünki öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir. Ynsanyň dünýä yhlasy, gözellige söýgüsi onuň öz öýüne bolan gatnaşygyndan başlanýar. Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir. Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir» diýýär.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň demirgazyk künjeginde guruljak «Aşgabat-sitiniň» merkezinde Türkmeniň ak öýüniň şekilinde binanyň gurulmagy barada aýdanlary ähli halkymyzda buýsanç döretdi.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.