Iň sowuk howaly şäher

4 Ýanwar 2021
2513

Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynda ýerleşýän Werhoýansk resmi taýdan dünýäniň iň sowuk howaly şäheri hökmünde tanalýar. Şäherde iň pes temperatura 1885-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda, ýagny, –67,8 dereje sowuk howa hasaba alnypdyr. Şeýle pes temperaturanyň 1933-nji ýylda hem gaýtalanmagyndan soňra, şol ýyl bu ýer dünýäniň iň sowuk şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilipdir. Rekord häzirki wagtda hem bu şähere degişlidir. 2005-nji ýylda bolsa şäherde iň sowuk howanyň hasaba alynmagynyň 120 ýyllygy mynasybetli ýörite ýazgy ýerleşdirildi. Werhoýansk Saha Respublikasynyň demirgazyk tarapdaky iň çetki şäheridir. Aýazly sowugy bilen meşhur bolan bu ýer şol birwagtyň özünde-de howa ýagdaýynyň durnuksyzlygy bilen hem meşhurdyr. Sebäbi Werhoýanskda tomus aýlarynda temperatura +37 derejä çenli gyzýar.

1638-nji ýylda ilatlaşyp başlan bu ýerde, 1817-nji ýylda meýdany 25 inedördül kilometr bolan Werhoýansk şäheriniň düýbi tutulýar. Ýöne ilat sany boýunça bu ýere resmi taýdan diňe 2010-njy ýylda şäher derejesi berilýär. Häzirki wagtda Werhoýanskda 1073 adam ýaşaýar. «Demirgazyk ýarymşarynyň sowuk polýusy» diýlip atlandyrylýan Werhoýanskda aşa aýazly howa garamazdan adaty şäher durmuşy dowam edýär. Döwlet edaralarynyň işine we orta mekdepleriň okuwyna temperatura diňe –50, –52 derejä çenli aşaklanda, sowukda arakesme berilýär.