Aşgabat ulag forumy: özara arabaglanyşygy pugtalandyryp, durnukly geljege tarap

28 Noýabr 2024
191

Adamzat durmuşynda ulagyň näderejede ähmiýetlidigi barada nähilidir bir delil getirip gürrüň etmegiň zerurlygy ýok. Adamlaryň bir ýerden başga ýere hereket etmeginden, önümçilik zynjyrynyň doly derejede amala aşmagyna ýardam bermekden başlap, ulagyň islendik döwlet üçin ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bar. Şolaryň ählisi birleşip, ahyrky netijede, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurtlaryň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýar. Şu nukdaýnazardan, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça meseleleriň 90 göteriminiň gönüden-göni ulag ulgamy bilen bagly bolmagy hem tebigy ýagdaýdyr. Hut şu zerurlyklardan ugur alnyp, tutuş Ýer ýüzünde durnukly ulag ulgamyna, ulag diplomatiýasyny ilerletmäge döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda aýratyn orun berilýär. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi bolsa ählumumy ulag diplomatiýasynyň başyny başlan we ony işjeň ilerledýän döwlet hökmünde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornuny nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Düýn — dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili bir ýere jemlän forumyň jemleýji gününde BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini has-da kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine, oňa goşulmak islegini mälim eden täze agza ýurtlary kabul etmek meselesine garadylar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji we 2023-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag boýunça Kararnamalarda berkidilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem aýratyn üns merkezinde boldy. Toparyň ikinji ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama kabul edildi.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».