Döredijilik duşuşygy

28 Noýabr 2024
236

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, ussat kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.

Rejep Rejebow türkmen professional saz sungatyny ösdürmekde uly işleri bitirdi. Onuň eserleri diňe ýurdumyzda däl, daşary döwletlerde hem giňden tanalýar. Ol dürli žanrlarda eserleri döretdi: operalar, hor we kamera-instrumental eserleri, kino sazlary, romanslar, kantatalar, aýdymlar... Kompozitoryň fortepiano üçin kwinteti, kirişli saz gurallar üçin konserti, wiolonçel üçin sonatasy, goboý we orkestr üçin konserti, şeýle-de beýleki ençeme eserleri uly meşhurlyga eýe boldy. Ussat kompozitoryň döredijiliginiň uly bir bölegini kinofilmlere ýazylan sazlar eýeleýär. Ol 60-dan gowrak çeper filme saz ýazdy. Olaryň arasynda “Jemalyň daragty”, “Mährem çynar”, “Aýal ata çykanda”, “Yşkyň ýoly” ýaly ajaýyp filmler bar.

Jennet ORAZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.